hylçyldatmak

hylçyldatmak
işlik
Ýere batly oturtmak, ýere batly urmak.
∙ Bahar ýerinden turup, onuň donunyň ýakasyndan ebşir tutdy we ýokary galdyrdy-da, ýene oturgyja hylçyldadyp goýdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
∙ Jogap ber, haramazada bularam töhmetmi, senden soralýar?! -- diýip, ony ýokaryk göterip, bat bilen oturgyjyna hylçyldadyp urdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.
Meselem hylçyldatmak - hylçyldadýar, hylçyldadar, hylçyldadypdyr.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»